Biz barada
Innowasiýa – bu biziň hünärimiz
Biz ussatlaryň we täzelikçileriň, düşünjeli we döredijilikli, barlagçylaryň we arzuwçyllaryň ruhy bolan, meýletinçiler ýaly gaýduwsyz adamlaryň kompaniýasy. Biz bir maksat bilen birleşdik – jogapkärli hereket edip we howpsuzlygy berjaý edip dünýäni gowulandyrmak. 2007-nji ýylda özüniň esaslandyrylan pursatyndan başlap, biz iň çylşyrymly taslamalarda müşderilerimize kömek berip, hemme ýerde we elmydama ösüşe ýardam edýäris. Biz wezipä we ýagdaýlara garamazdan netijäni üpjün edýäris, jemgyýetiň durmuşyny gowulandyrmak üçin iň täze tehnologiýalary peýdalanyp, inžener hyzmatlarynyň giň toplumyny berýäris. Ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna degişli bolan kähanalar biziň müşderilerimiz bolup durýar.
Şowly taslamanyň her biriniň esasynda 5 sany wajyp elementleriň ýatandygyna biz ynanýarys
1
Howpsuzlyk
Howpsuz iş ýeri kämil işiň açary bolup durýar. Biz şikeslere we bökdençliklere getirip biljek töwekgellikleri aradan aýyrmak boýunça elmydama işleýän, howpsuzlyga gönükdirilen gurşawy döredýäris.
2
Wagt
Wagt – bu pul we biz taslamalarymyzy diňe bir wagtynda däl-de, eýsem köplenç meýilleşdirilen tamamlama senesine çenli tamamlamak ukybymyzy ençeme sapar görkezipdik. Biz muny örän wajyp ýollary kesgitlemek üçin taslama-inžener dolandyryş toparynyň özara hereketi arkaly, möhüm potratçylaryň we üpjün edijileriň gatnaşmagynda, işiň esasy düzümleriniň köpüsini özbaşdak ýerine ýetirip gazanýarys we şunuň bilen taslamanyň meýilleşdirilişine we umumy ösüşe has gowy gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
3
Hil
Hiliň Gözegçiligini Doly Dolandyryş (Total Quality Control Management) ulgamynyň kömegi bilen durnukly hili üpjün etmek, ony saklap galyp, biz müşderilerimiziň zerurlyklaryny tygşytly kanagatlandyryp bileris. Biz doly esasda özümiziň hile gözegçilik ulgamymyza buýsanyp bileris, çünki ol biziň gatnaşan ähli taslamalarda özüniň netijeliligini subut etdi.
4
Bahasy
Binany maglumatlaýyn modelirlemegiň (BIM) häzirki zaman tehnologiýalaryny, şol sanda üç ölçegli taslamalaşdyrmany (CAD 3D), wirtual taslamalaşdyrmany we gurluşygy (VDC) ulanyp, biz müşderi üçin amatly bolan bahany kepillendirip, eýýäm taslamalaşdyrmagyň tapgyrynda çaklanylýan çykdajylary düýpli azaldýarys.
5
Kommunikasiýa
Kommunikasiýa – açyk, dürs we takyk aragatnaşygyň iş gurşawynda özara gatnaşyklar üçin we islendik taslamanyň üstünliginde aýgytly ähmiýete eýedir. Biz häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanan aragatnaşyk we maglumaty dolandyryş ulgamyny döretdik, ol hakyky wagt düzgüninde ähli maglumatlaryň müşderä, taslama toparynyň ähli işgärlerine, gurluşyk işgärlerine, potratçylara we üpjün edijilere dogry geçirilmegini üpjün edýär.
Biz öz abraýmyza buýsanýarys we ony berk saklaýarys
Biz kompaniýanyň işinde iň ýokary netijäni we üstünligi gazanmak üçin ýörelgelerimize eýerip, işleýäris we kämilleşýäris. Biziň ýerine ýetirýän hereketlerimiz nähili işleýändigimiziň we biziň hem müşderiler bilen, hem-de biri-birimiz bilen kimdigimiziň binýadyny emele getirýän hyýalymyz, wezipämiz, baýlyklarymyz we ýörelgelerimiz bilen ylalaşýar.