top of page
Code of conduct

Işewürlik etikasynyň kodeksi

Кодекс деловой этики

Code of conduct

Işewürlik etikasynyň kanunlarynyň we kodeksiniň berjaý edilmegi

Biz etika we kada talaplarynyň berjaý edilişine çynlakaý garaýarys. Buz biziň işewürlik tejribämizde mese-mälimdir we biziň kompaniýamyzyň baýlyklaryna we ýörelgelerine esaslanan biziň Işewürlik etikasynyň kodeksinde beýan edilendir. Işewürlik etikasynyň kodeksi biziň kompaniýamyzyň ähli işgärleri üçin berilýär, çünki biz bile, şeýle hem müşderiler, üpjün edijiler, hyzmatdaşlar we beýleki üçünji taraplar bilen işleýäris.

Kodeksiň düzgünleri biziň biznesi nähili alyp barýanlygymyzyň esasy bolup durýar we olar biziň ynanýan hem-de olar bilen ýaşaýan ýörelgelerimizi gönümel şöhlelendirýändir: halallyk, howpsuzlyk, alçaklyk, dürlülik we durmuş jogapkärçiligi.

Işewürlik etikasynyň kodeksi

PDF, 24 Mb

Işewürlik etikasynyň kodeksi

For of Vendors & Contractors

PDF, 12 Mb

Etika soraglary boýunça göni gatnaşyk

Biz işgärleriň özüni rahat duýýan, özüniň kynçylyklary bilen paýlaşýan we yzarlamadan gorkman, kompaniýanyň ýa-da kanunyň islendik çaklanylýan bozulmalary barada habar berip bilýän şertleri döretmäge çalyşýarys. Biziň habar beriş ulgamymyz – bu ähli kompaniýa üçin gural bolup, biziň işgärlerimize iş bilen bagly bolan meseleler barada aňsatlyk bilen habar bermäge mümkinçilik berýär we cobe@ishengir.com salgy boýunça 24/7 düzgünde elýeterlidir. Biziň işgärlerimiz gosuz we paş edilmekden ýa-da yzarlanmakdan gorkman, kompaniýanyň syýasatynyň ýa-da kanunyň islendik şübhe döredýän bozulmalary barada habar berip bilerler.

Biziň kompaniýamyz öz işgärlerine etiki kadalaryny berjaý etmek bilen, howpsuz we amatly iş şertlerini kepillendirmäge çalyşýar. "Işeňňir" kompaniýanyň "Işewürlik etikasynyň kodeksi" ýuridik we etiki iejribesini amala aşyrmakda  kompaniýanyň her bir işgäri we wekili üçin gündelik işde gollanma bolup durýar. Işewürlik etikasynyň kodeksinde diňe bir biziň halallyk standartlarymyz bolman, eýsem kanunyň käbir aýratyn ýörelgeleri we bölümleri bolup, olar "Işeňňir" kompaniýanyň biznesine ýokary ähtimallyk bilen täsir edip bilerler.

Etika, halallyk we işewürlik tertibini berjaý etmek bilen biznesiň alnyp barylmagy biziň kompaniýamyzyň wajyp ilkinjiligi bolup durýar. Işewürlik etikasynyň kodeksini berjaý etmegiň çäklerinde işgärler her görnüşde gödek alyp barmagyň islendik ýüze çykmalaryna ýol bermeli däldirler we çydamaly däldirler, şeýle hem olara geçirimlik etmeli däldirler.

Şu Işewürlik etikasynyň kodeksinde görkezilen ýörelgeleriň berjaý edilmegini üpjün etmekde kömek bermek üçin biziň kompaniýamyz göni onlaýn gatnaşyk ulgamyny saýlap aldy. Bu bolsa iş ýerindäki meseleler, şeýle hem etiki häsiýetli soraglar barada maglumatly ýaşyryn we golsuz habarlary wagtynda we dessin işläp taýýarlamaga kompaniýa mümkinçilik berýär. "Işeňňir" kompaniýasy  siziň goşandyňyzyň gadyryny bilýär we höweslendirýär we "Işewürlik etikasynyň kodeksinde" bellenilişi ýaly, eger bozulma barada size mälim bolsa, siz ol barada habar bermelisiňiz.

Siziň berýän ähli maglumatyňyz ýaşyryn esasda seredilýär. Şeýle hem siz islegiňiz boýunça habarlary golsuz, anyk berlenleri görkezmezden berip bilersiňiz. Biziň kompaniýamyz her bir alnan habara sereder we ähli şikaýatlary derňär we zerur bolsa düzediş çärelerini ulanar. Eger sizde hut özüňize degişli bolan mesele babatda sorag bar bolsa, sahypanyň aşaky böleginde "Biziň bilen habarlaşyň" funksiýany saýlap bolýar ýa-da "Ýygydan berilýän soraglar" bölümine seredip bilersiňiz.

Bozulma barada bize habar beriň

Dynç günsüz gije-gündiz berip biljek soraglaryňyz we meseleleriňiz kompaniýanyň ygtyýarly wekili tarapyndan ýaşyryn we maksatly çözüler. Siz atsyzlygy doly saklap bilersiňiz, şeýle hem zerur bolsa terjimeçiniň kömegini alyp bilersiňiz.

Siz kanunyň ýa-da biziň "Işewürlik etikasynyň kodeksimiziň" bozulandygy barada aşakda görkezilen usullaryň biri bilen habar berip bilersiňiz:

• interaktiw;
• sahypada görkezilen telefon boýunça;
• kompaniýany esaslandyryjynyň salgysyna cobe@ishengir.com elektron poçta boýunça;
Biziň bilen habarlaşyň çykgyt boýunça ulgam arkaly.

Salgyt kanunçylygyna biziň çemeleşmämiz

"Işeňňir" – bu diňe bir kompaniýa bolman, eýsem biziň işleýän jemgyýetimiz üçin durmuş taýdan jogapkär kärhana we edepli goňşudyr. Biz berýän hünär hyzmatlarymyzdan başga, jemgyýete goşmaça gymmaty bermäge borçly diýip hasap edýäris. Biz biziň işleýän jemgyýetimiziň durmuşy üçin salgyt geçirimleriniň we salgyt kanunçylygyny berjaý edilmeginiň möhümligine düşünýäris we biz özümiziň salgyt borçnamalarymyzy dolandyrmaklyga jogapkärli garaýarys.

bottom of page