Senagat proseslerini taslamalaşdyrmak
Проектирование промышленных процессов
Commercial process design
Aktiwleriň we kuwwatlyklaryň ulanylyş netijeliligini ýokarlandyrmak – esasy önümçilik görkezijilerini ýerine ýetirmegiň we islendik taslamanyň maksatlaryna ýetmegiň kepili bolup durýar
Biziň strategik düşünjämizi, ýöriteleşdirilen usullarymyzy we gurallarymyzy ulanyp, biz häzirki zaman senagatynyň çylşyrymly ulanyş talaplarynyň giň diapazonyny goldamak boýunça çözgütleri berýäris, biziň maslahatçylarymyz ulanylyş proseslerine täsir edip biljek esasy säwliklere we şertli wakalara düşünmek üçin müşderiler bilen işleýärler, soňundan ulanylyş görkezijileriniň netijeliligini ýokarlandyrýan maslahatlary we çözgütleri bermek bilen.
Täze taslamany meýilleşdirmekden tä peýdalanylýan aktiwleriň ulanylyş möhletiniň uzaldylmagyna çenli – biz ygtybarlyga gönükdirilen we wagt bilen barlagdan geçen çözgütleri, howpsuzlygy we önümçilik netijeliligini üpjün etmek üçin işe goýberiş-sazlaýyş işlerine we taýýar taslamalary önümli ulanyşa girizmeklige bir bitewi we standartlaşdyrylan ulgamlaýyn çemeleşmäni teklip edýäris.
Biz ygtybarlylyk, elýeterlilik we soňundan hyzmat etmek mümkinçiliginiň modeliniň esasynda maglumatlary berýäris, olar tehnologik çözgütleri goldamak we kabul etmek we enjamlary saýlamak üçin size gerekdir, şeýle hem biz meýilnama önümçilik görkezijilerini barlaýarys we tassyklaýarys we taslamanyň ulanylyş häsiýetleriniň kepilini üpjün edýäris.
Biziň tejribämiziň we işleri tamamlamak boýunça dolandyryş ulgamynyň bolmagy sebäpli, biz meýilnamalaýyn tamamlaýyşa ýetirmek maksady bilen, işe goýberiş-sazlaýyş prosesleriniň we ulanyşa girizmegiň talaplarynyň taslamanyň umumy grafigine birleşdirilmegini üpjün edýäris, şunuň bilen ulanyşyň ilkinji gününden prosesleriň önümliligini üpjün edýäris we olaryň daşky gurşawa täsirini ujypsyzlandyrýarys. Lazerli skanitlemegiň häzirki zaman tehnologiýalarynyň, 3D-modelirlemegiň, ýokary takyklykly geodeziýa we panorama surata düşürmeleriň bolmagy bilen, siziň taslamaňyzyň amala aşyrylmagy, oňa hyzmat edilmegi we ony dolandyrmak bilen baglanyşykly töwekgellikleri ujypsyzlandyrmak maksady bilen, biz obýektleriň we geçirilýän prosesleriň doly şekilini berip bileris.