Kompozitli materiallar bilen abatlaýyş
Ремонт композитными материалами
Composite repair
Turba geçirijileriň we infrastrukturanyň komponentlerini çalt, netijeli we tygşytly abatlamak üçin kompozitli materiallary ulanmak
Könelişen infrastruktura we turba önümçiligi aktiwleriniň korroziýasy elmydama gymmat tehniki hyzmatlaryny we abatlaýyşy talap edip, möhüm pudak meselesi bolup durýar. Biziň kompaniýamyz syzylmalaryň aradan aýrylmagyny, turbalaryň jebisligini, şeýle hem ýasy,, deformirlenen we çylşyrymly egrelen üstleriň sakllanylmagyny we güýçlenmegini üpjün edýän toplumlaýyn çözgütleriň giň toplumyny hödürleýär. Ýokary adgeziýa häsiýetleriniň we adatdan daşary howa şertlerine we iýiji himiki gurşawa rezistentliginiň bolmagy sebäpli, olar wagt we işjeň ulanyş bilen barlanyldy.
Kompozitli materiallar diňe bir ýokary tehnologiýaly önüm bolman – bu turbalary abatlamak we konstruksiýalary güýçlendirmek üçin toplumlaýyn çözgütdir.
Şu günki günde bazarda kompozitli materiallaryň we tehnologik çözgütleriniň köp görnüşleri bolup, olar turba geçirijileriň komponentlerini we infrastrukturasyny çeýe, netijeli we tygşytly abatlamagyň ýa-da hem daşky, hem-de içki ulanyş üçin rezerwuarlaryň üstüni dikeltmegiň kömegi bilen aktiwleri saklamak we serişdelerini uzaltmak üçin niýetlenendir. "Işeňňir" kompozitli materiallary peýdalanmak bilen, turba geçirijileri we infrastrukturany abatlamagyň we dikeltmegiň toplumlaýyn tärini teklip edýär, bu bolsa potratçylaryň birnäçesini çekmek zerurlygyny aradan aýyrýar.