top of page
Comprehensive maintenance

Toplumlaýyn tehniki
hyzmat

Комплексное техническое обслуживание

Comprehensive maintenance

Biz müşderiler, olary üpjün edijiler we potratçylar bilen hyzmatdaşlykda işläp, tehniki hyzmat etmek boýunça hyzmatlaryň giň toplumyny meýilleşdirmekde we ýerine ýetirmekde giň bilimlerimizi we tejribämizi ulanyp, ýerüsti we offşor sektorlarynda köpýyllyk iş tejribämiziň esasynda topalanan öňde baryjy tejribäni ulanyp.

Biziň "doly gurup tabşyrmaklygy" tehniki hyzmat etmek boýunça teklibimiz müşderilerimiziň keseki hyzmatlary berijilere goşmaça ýüzlenmeleriniň sanyny azaltmak üçin, ýöriteleşdirilen köp komponentli taslama-inžener toparynyň üsti bilen brilýär, zerurlyk ýüze çykdygyça biz işleriň dürli görnüşlerinde ygtyýarly bolan taslama toparynyň inžener düzümini jemlemekde dersara çemeleşmäni ösdürip, işgärler bilen jemleme derejesine ýüki azaldýarys.

 

Biziň hünärli we tejribeli işgärlerimiz bilen utgaşykda, bar bolan enjamlarymyzyň, gurallarymyzyň, tehnikamyzyň we materially hem-de ätiýaç şaýly ammarlarymyz biziň ähli talaplarymyzy kanagatlandyrmak üçin gysga möhletlerde başarnykly işçi brigadalaryny we ýokary hilli enjamlary ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. Biz ulanyşda we tehniki hyzmat edişde täze hil standartlaryny belleýäris we biziň pudagymyzda elmydama we hemme ýerde nusga bolmaga çalyşýarys.

Biz hiliň, netijeliligiň we howpsuzlygyň dünýä standartlarynyň derejesinde tehniki hyzmatlary berýäris

"Işeňňir" senagat pudaklarynyň aglabasynda tehniki hyzmat etmek boýunça hyzmatlaryň doly toplumyny berýär. Biziň hyzmatlarymyz hem aýratynlykda, hem-de toplumlaýyn berlip bilner. Biz tehniki hyzmaty gös-göni obýektde ýerine ýetirip, töwekgellikleri ujypsyzlandyrmaga we ýokary hünärli tehniki işgärleri ulanmagyň hasabyna howpsuzlyga zyýan ýetirmezden umumy çykdajylary azaltmaga kömek berýäris. Çykdajylary netijeli meýilleşdirmek we müşderileri tehniki hyzmat etmek boýunça işleri ýerine ýetirmek maksady bilen, aýratyn gür senagat zolaklarynda "Işeňňiriň" hususy çaklaň ussahanalary bar.

Toplumlaýyn tehniki hyzmat etmek boýunça biziň hyzmatlarymyz şulary öz içine alýar

• Inspeksiýa hyzmatlary.
• Inžener-tehniki goldawy.
• Meýilleşdirmek we grafikleri düzmek.
• Mehaniki we turba geçiriji hyzmatlary.
• Iýiji gurşawda obýektler üçin infrastruktura tehniki hyzmat etmek boýunça hyzmatlar.
• Baha bermek, inspeksiýa we abatlaýyş.
• Elektrotehniki we ölçeýiş hyzmatlary.
• Inspeksiýa we weýran etmesiz barlag.
• Batlaýyş we nasoslary, klapanlary abatlamak boýunça hyzmatlar.
• Ätiýaç şaýlary we jemleýjiler bilen üpjün etmek we dolandyrmak.
• Ýöriteleşdirilen potratçylary dolandyrmak.

bottom of page