top of page
Fabrication

Önümçilik

Biziň kompaniýamyz doly infrastruktura we önümçilik kuwwatlyklaryna eýe bolup, olar bir wagtyň özünde birnäçe sany taslamalara, olaryň maksadyna garamazdan hem raýat obýektleriniň we ýerüsti senagat infrastrukturasynyň gurluşygy üçin, hem-de deňiz gämileriniň, deňiz platformalarynyň we kenar desgalarynyň gurluşygy üçin hyzmat etmäge bize mümkinçilik brýär. Biz list poladyndan, konstruktiw elementleriň standart profillerinden, turba geçirijilerden konstruksiýalary we çylşyrymly modul gurnamalaryny öndürýäris. Biziň enjamlarymyz aýry-aýry komponentleri ýasap bilýär ýa-da iri gurnaýjy merkezlerini üpjün edip bilýär, şeýle hem synag oturtmany ýerine ýetirip we iri gurnamalary deňeşdirip biilýär. Şeýle hem biz kebşirlemeden soň çüwdürimli bejergini, gyzgynlyk bilen bejergini, weýran etmesiz barlag usullary bilen synaglary we reňklemäni ýerine ýetirýäris.

Zawod şertlerinde ýasamak we gurnamak

Biziň taslamalarymyzy oturtmazdan ýa-da gutarnykly gurnamazdan ozal ýerine ýetirilýän işleriň kesgitli derejesini we göwrümini öz içine alýar. Gurnama konstruksiýalary materialyna garamazdan ýerüsti, suwüsti we suwasty obýektleriň polatdan konstruksion seksiýalaryndan ýa-da komponentlerinden başlap turba geçirijileriň seksiýalaryna çenli üýtgäp durýar.

Metal konstruksiýalaryny ýasamak we ýygnamak

Hyzmatlaryň şu iki komponentini birleşdirip, biz müşderilerimiziň zerurlyklary üçin deňi-taýy bolmadyk çeýeligi we dessinligi teklip edýäris. Biz platformalary ýa-da olaryň komponentlerini, enjamlar üçin esaslary, germewler ulgamlaryny, şeýle hem adaty metal konstruksiýalaryny öndürip, eltip we ýygnap bilýäris. Gurluş goldawyny öz içine alýan taslamalar üçin biziň işgärlerimiz logistikany meýilleşdirmekde, býujeti düzmekde, taslamany utgaşdyrmakda we ýygnamakda goldaw berýärler. Biziň taslama-inžener toparymyz metaly öndüriji zawodlar bilen tehniki ýöriteleşme boýunça ähli zerur bolan gepleşikleri geçirer we resminamalary ýygnar.

bottom of page