Önümçilik kuwwatlyklary
Özbaşdak önümçilik üçin biziň kompaniýamyzyň hususy önümçilik meýdançalary bar, olar Türkmenistanyň günbatarynda, esasy awtoulag, demir ýol we deňiz merkezleriniň gös-göni golaýynda, Hazar sebitinde strategik ýerleşendir. Türkmenbaşy şäherini we onuň üstünden geçýän kommunikasiýalary hakykatdan-da hem Merkezi Aziýany derweze, hem-de Ýewropa we Ortaýerdeňiz sebtine derweze diýip atlandyrsa bolar. Berlen sebitde önümçilik serişdeleriniň ýerleşmesi hem materiallary we enjamlary üpjün etmek üçin, hem-de soňundan taýýar önümleri we konstruksiýalary olaryň ýerleşmeli ýerlerine daşamak üçin logistikany aňsatlaşdyrýar.
Türkmenbaşy şäherinde umumy meýdany 1800 m2 we ýanaşyk meýdany 3200 m2 bolan, ähli zerur kommunikasiýaly, doly üsti ýapyk, enjamlaşdyrylan önümçilik sehi (Workshop) ýerleşendir.
Türkmenbaşy şäherinden 28 km uzaklykda, Gyýanly senagat zolagynda "Işeňňir" kompaniýasynyň umumy meýdany 50 000 m2 barabar bolan esasy bazasy ýerleşen bolup, onda önümçilik, işläp bejeriş we reňkleýiş sehleri, ammarlar we 30 000 m2 meýdanly açyk önümçilik meýdançasy (Fabrication yard) ýerleşendir. Esasy bazanyň kenar ýakasyndan golaýda ýerleşýändigi sebäpli, iri gabaraly ýükleri deňiz ulaglary bilen daşamak üçin iri tonnažly gämiler üçin ýük gämi duralgalary ýerleşýär.