Tehniki-ykdasydy esaslandyrma
Технико-экономические обоснование
Feasibility studies
Bazar şertleri we biziň ygtyýarymyzda bar bolan tehnologiýalar elmydama üýtgäp durýar, äze talaplar bola goşmaça kesgitsizligi girizip biler. Biz töwekgellikleri gowşatmaga we jikme-jik tehniki-ykdysady esaslandyrmalary işläp taýýarlamak arkaly maksatlaryňyza ýetmäge size kömek berip bilýäris.
Tehniki-ykdysady esaslandyrmalary taýýarlamak boýunça biziň toplumlaýyn çözgütlerimiz müşderilerimizde taslamalarynyň amala aşyrylmagyna, şeýle hem ýüze çykýan mümkinçiliklere we ýeňip geçmeli bolan kynçylyklara dürs düşünjäni döretmäge ýardam edýär. Siziň maksadyňyzyň nähilidigine garamazdan – täze tehnologik platformalaryň artykmaçlyklaryndan peýdalanmak, başlangyç çig maly amatlaşdyrmak, önümiň görnüşlerini gowulandyrmak, amallaýyn ýa-da düýpli çykdajylary azaltmak ýa-da önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak – maksadyňyza ýetmek üçin gerek bolan maglumatlary we seljermäni bermek üçin zerur bolan tejribe we bilimler bizde bardyr. Biziň maslahatçylarymyz siziň taslamaňyzyň tutuş göwrümini öz içine alýan gutarnykly maglumaty bererler, şol sanda bazaryň ösüşiniň durnuklylygy, maýa goýumlarynyň tehniki maksada laýyklygyny we çaklanylýan düşewüntliligini. Biziň mümkinçiliklerimiziň çuňlugy we toplumy nebit we gazy çykarmak we gaýtadan işlemek we dikeldilýän energiýanyň köp görnüşlerini peýdalanmak boýunça kärhanalaryň ähli kysymlaryny gurşap almaga bize mümkinçilik berýär.
Biziň tehniki-ykdysady esaslandyrmalarymyz şulary öz içine alýar
• Tehniki kesgitleme.
• Maýa goýumlaryny, ulanylyş çykdajylaryny we ulanyşdan çykarmaga çykdajylary hasaplamak.
• Amala aşyrmagyň meýilnamasy we taslamalaşdyrmagyň, satyn almagyň, öndürmegiň we gurluşygyň grafigi.
• Taslama töwekgellikleriniň derňewi we olary azaltmak.