top of page
Innovations

Innowasiýalar

Iň döredijilikli pikirler iň innowasin bileleşiklerde döreýär

Biz öz biznesimiziň her bir bölegine peýda getirmek üçin, ýokary döredijilikli işgärlerimizi netijeli prosesler we dogry tehnologiýalar bilen birleşdirýäris. Biziň tehnologiýalara we iň täze tejribelere ygrarlydygymyz taslamalaryň netijeliliginiň amatly bolmagyna we biziň kompaniýamyzyň, biziň müşderilerimiziň, dizaýnerlerimiziň, inženerlerimiziň we potratçylarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygyň gowulaşmagyna getirdi. Köp ýyllaryň dowamynda biziň işgärlerimiz tärimizdäki gyzykly üstünlikleri ösdürmek üçin özüniň döredijilikli mümkinçiligini, tejribesini we tekepbirligini peýdalandylar.

Tehnologiýalar we hyzmatdaşlyk sebäpli üstünlik

1

Öňde baryjy usullar

Özgermeler gurluşyk pudagynda hemişelik element bolup durýar we taslamalary amala aşyrmagyň innowasion usullary çalt üýtgäp durýar. düýn innowasion we öňde baryjy bolan zadyň şu günki günde tejribäniň we synagyň binýadynda eýýäm taryhdyr. Eçen XX asyrda biz adaty we bir gezeklik sargydyň aşakdakyla ýaly bilelikdäki işiň usullaryna öwrülendigini biz gördük: taslamalaşdyrmak, ýygnamak, taslamalaşdyrmakda kömek bermek, delegirlenen dizaýn, taslamalary toplumlaýyn amala aşyrmak we döwlet-hususy hyzmatdaşlyk. Innowasiýalaryň depginleri we häzirki zaman ýokary tehnologik we intellektual binalaryna we taslamalaryna bolan isleg bilen, siziň taslamaňyzy amala aşyrmagyň dogry usulyny saýlamak wajyp bolup durýar. Baha bermek we saýlamak prosesinde, siziň taslamaňyza iň uly peýda berip biljek usuly we ugry kesgitlemek üçin bizde tejribe, bilim we wepaly işgärler bar.

2

Artykmaçlyk

Biziň çemeleşmämiz toparlaýyn işe, döredijilikli pikirlenmä we hyzmatdaşlyga ýardam edýän çalt we netijeli usullaryň girizilmegini öz içine alýar. Biz ilkinji nobatda gurluşykçylardyrys we biz innowasion dizaýnerçilik çözgütlerini işläp düzmek we çykdajylary azaltmak üçin döredijilikli çözgütler bilen işlemekde özümiziň tejribämizi yzygiderli ulanýarys. Biz meýilleşdirmek, taslamalaşdyrmak we gurluşygyň arasynda göze görünmeýän aralyklary ýeňip geçmek üçin taslamalaşdyrmagyň häzirki zaman tähnologiýalaryny ornaşdyrýarys. Häzirki zaman ýokary tehnologiýaly we intellektual taslamalaryň gurluşygyny utgaşdyrmak üçin ähli ugurlar boýunça tejribeli hünärmenleriň gerekdigine biz düşünýäris. 

3

Obýekti oňatlaşdyrmak

Biz iň çylşyrymly tehnologiýalara, netijeli we integrirlenen ulgamlara eýe bolmaga çalyşýarys, şunuň bilen birlikde ahyrky peýdalanyjylaryň durmuşynyň hilini gowulandyrmak bilen. Ýokary ulanylyş häsiýetli obýektler belli bir ýerdäki binalar ýa-da obýektleriň seriýasy bolup, olar umumy energonetijeliligini, durmş syklny we obýektde işgärleriň netijeli ulanylmagyny ýokarlandyrýan dürli tehnologiýalary birleşdirýärler we oňatlaşdyrýarlar. Ýokary netijeli strategiýalaryň, atributlaryň we tehnologiýalaryň girizilmegini taslamany ösdürmegiň başlangyç tapgyrlarynda seretmeli.

Biziň tejribämiz – Býujet bilen taslama integrasiýanyň arasynda deňagramlylygy saklap galmak bilen, taslama üçin has wajyp tehnologiýalary kesgitlemek üçin, biziň taslama toparlarymyz müşderiler, dizaýnerler we işgärler bilen obýektde ysnyşykly hyzmatdaşlykda işleýärler. Ýokary öndürijilikli tehnologiýalar we innowasiýalar çygryndaky giň tejribämiziň bolmagy sebäpli, biz müşderilerimiz üçin gurluşygyň tejribesine gaýtadan seredýäris.

4

Iň ýokary funksionallyk

Biziň içerki tehniki seljermämiz we utgaşygymyz sebäpli, biz müşderilerimize gowulandyrylan operasion bazany pes bahalardan teklip edip bilýäris. Gurnama boýunça köp sanly ussat inženerler we hünärmenler geljekde funksionallygy we hyzmat ediş ýönekeýligini ýokarlandyrmak üçin özüniň tejribesini biziň taslama toparlarymyz bilen paýlaşýarlar, şunuň bilen birlikde başlangyç çykdajylary we durmuş syklnyň bahasyny ujypsyzlandyrýar. Olar enjamlary, üpjün edijileri we potratçylary kesgitlemekde düýpli kömek berýärler, şeýle hem ulgamlary testleşdirmekde we ulanyşa girizmekde örän möhüm goldaw berýärler.

5

Çözmekde ýardam bermek

• Deslapky gurluşyga baha beriş topary.
• MES – mehaniki, elektrik we santehniki üpjünçiliklerinde/işlerinde ýöriteleşýän serişdeler.
• Ulanyşa girizme prosesini işletmek üçin ýöriteleşdirilen serişdeler.
• Näsazlyklary nädip aradan aýyrmalydygyna düşünýän diplomly hünärmenler (BSME & BSEE), inžener-mehanikler we inžener-elektrikler.
• Amatly enjamlary satyn almak we üpjün etmek boýunça mümkinçilikler.
• Konstruktiwlik meselelerini çözmek üçin BIM/VDC bilmek.
• Bilermenlik seljermesiniň geçirilmegini meýilleşdirmek we usulyýeti.
• Başlangyç dizaýna çagyryş bermek we has amatly we tygşytly çözgütler bilen işlemek ukyby.

6

Ýitgileri we goşmaça çykdajylary ýok etmek

Biziň pikirimizçe, tygşytlylyk – bu ýitgileri we goşmaça çykdajylary aradan aýyrmaga ýykgyn etmek bilen, adamlara hormat goýmaga esaslanan pikirlenmegiň ýoludyr. Biziň tejribeli işgärlerimiz kommunikasiýalaryň netijeli usullaryny döredip, wadalary ýerine ýetirerlikli edip, has netijeli işiň usullaryny öwrenýärler, jogapkärçiligi ýokarlandyrýarlar we ýürekden hyzmatdaşlyk edýärler.  

Biziň tejribämiz – Biz tygşytly tehnologiýalar ulgamyny ulanyp muny gazanyp bileris, şol sanda Last Planner ulgamyny, artykmaçlyk boýunça saýlawy we maksatlaýyn niýetleniş boýunça üpjünçiligi. Biziň kompaniýamyzyň üpjünçilik şertnamalarynyň dürli formatlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň tejribesine eýedir, şol sanda taslama we dizaýn-ýygnama toplumlaýyn eltmek. Elmydama kämilleşmek medeniýetini döretmek bilen, biziň inženerlerimiz we dizaýnerlerimiz müşderilerimize we hyzmatdaşlarymyza berýän taslamanyň gymmatynyň amatly bahalaryny mümkingadar ulaltmany başardylar.

7

Geljek üçin gurmak

Biz ekologiýa we ekologik arassa çözgütler üçin moda bolany sebäpli göreşmän, eýsem biziň gurşawymyzyň abadançylygyny saklamaklyk geljekki nesiller üçin wajyplydygy sebäplidir – bu ýönekeý dogry çözgütdir we onuň biz we biziň müşderilerimiz üçin mana eýedir. Biz planetamyzyň çäkli serişdelerini saklap galmak we daşky gurşaw üçin biziň dostlukly gurluşykçy we öndüriji statusyny saklamak üçin özümiziň jogapkärçiligimize çynlakaý garaýarys. Özümiziň netijeli dolandyryjy bolup durýandygymyza göz ýetirmek üçin, biz hususy içerki proseslerimizi, standartlarymyzy we syýasatymyzy elmydama täzeden gözden geçirip durýarys. Bu iş ýerlerinde tejribä we işjeňlige baha bermekligi, şeýle hem biziň umumy korporatiw tejribämizi öwrenmekligi we gaýtadan seretmekligi öz içine alýar, daşky gurşawa täsirimizi peseltmeýändigimize we işgärlerimize işlemek, kämilleşmek we gülläp ösmek üçin has gowy mümkin bolan gurşawy berýändigimize göz ýetirmek üçin.

8

Ekologik jogapkärçilik

Biz adamlaryň saglygyny we ekoulgamlary berkitmek üçin, şeýle hem şäherleriň, jemgyýetiň we biziň planetamyzyň durmuş sykllarynyň emele gelmegi we işlemegi üçin jogapkärdiris. Energetika netijeliliginiň we ekologiýa jogapkärçiliginiň etalony bolup hyzmat edýän gurluşy, binany, raýat ýa-da senagat infrastrukturasynyň obýektini döretmeklik hakykatdan hem köpçülikleýin tagalla bolup durýar.

Taslamalaşdyrmagyň ähli tapgyrlarynda biziň işgärlerimiz bitewi ulgamlaýyn pikiri öňe sürýärler we programmanyň islenilýän funksiýalarynyň, başlangyç býujetiniň we durmuş syklnyň soňraky bahasynyň arasyndaky baglanyşygy kesgitleýärler.

Meýilleşdirme prosesiniň çäklerinde biz:

• Başlangyç tapgyrda maksady anyklamaga kömek berýäris.
• Emeli gurşawda saglyga ýetýän täsire baha bemäge ýardam edýäris.
• Taslamalaşdyrma we meýilleşdirme döwrüne işjeň gatnaşýarys.
• Ýerinde yşyklandyryşy, energonetijeliligi we suwuň tygşytlanylyşyny seljerýäris.
• Kömekçi materiallary seljerýäris we saýlap alýarys.
• Gurluşyk wagty jaýlardaky howanyň hilini seljerýäris.
• Gurluşyk galyndylaryny dolandyrmak boýunça meýilnamalary we resminamalary işläp taýýarlaýarys.
• Durnukly ösüş boýunça hereketleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlaýarys.

9

Tehnologiýalaryň üsti bilen innowasiýalar

Biziň hünärmenlerimiz gurluşygyň prosesine iň täze tehnologiýalary, tejribäni we endikleri girizýärler, olar taslaýjy-inžener topralaryna öňkä garanyňda has ýokary netijelilik bilen gurmaga kömek berýärler. Gurluşyk tehnologiýalary çygryna öňde baryjy tejribäni ornaşdyrmakda biziň tejribämiz işgärlerimize täze tehnologiýalary we dünýä tejribesinde bar bolan tehnologiýalary peýdalanmagyň innowasion usullaryny öwrenmek üçin ähli mümkinçilikleri berýär.

Biziň tejribämiz – Biziň taslaýjy-inžener topralarymyz tejribesini kämilleşdirip, işde kämilleşýärler, kompaniýada täzelikçiler bolup durýarlar we häzirki wagtda olar diňe öňde baryjy häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanýarlar. Biziň işgärlerimizi birleşdirip, ýurdumyzada häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmakda, ornaşdyrmakada we ösdürmekde biziň prosesimiz we biziň tejribämiz ähli kompaniýa üçin bilimleriň binýadyny döretdi, ol netijeliligi ýokarlandyrýar, prosesleri oňatlaşdyrýar we biziň taslamalarymyzda müşderilerimize hyzmat etmegiň hilni ýokarlandyrýar.

10

Gurluşykda wirtual dizaýn

Biz wirtual taslamalary dolandyrýan we döredýän tehniki hünärmenleriň zehinli toparyny döretdik. Olaryň wezipesi maglumat kuwwatyny güýçlendirmek üçin taslamada ulanmak üçin innowasian wirtual çözgütleri gözlemekdir, bu bolsa ahyrynda ýokary hilli netijäni üpjün edýär. Biziň wirtual dizaýnerler toparymyz gymmatly serişde bolup durýar we biziň ähli taslama toparlarymyzyň ählisi bilen agzybir işleşýärler. Olar özüniň tebigaty boýunça bilesigeliji we öňde baryjy pähimli adamlar bolup, özüniň öňde baryjy çözgütleri bilen taslamany üstünlikli durmuşa geçirmek prosesine bizi ruhlandyrýarlar.

11

Gurnamak we utgaşdyrmak

Biz gurnamak üçin ulgamlary wirtual utgaşdyrmagyň giň prosesine baha berýäris. Munuň taslamanyň üstünligi üçin örän möhüm ähmiýeti bardyr we taslama toparynyň ähli işgärleri üçin ilkinjilik bolup durýar. Şeýlelikde, ulgamyň utgaşygy taslamany amala aşyryş prosesiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar we taslaýjy-inžener topary onuň taslamanyň grafigi, resminamalar, býujet we gurnamanyň hili bilen ňzara baglanyşygyny ýerinde elmydama barlaýarlar.

12

Gurluşyga taýýarlyk

VDC deslapky gurluşygy taýýarlamagyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Biziň pikirimizçe, taslamany döretmäge başyndan gatnaşmaklyk üstünlikli hyzmatdaşlyga we gurluşyga ýardam edýär. Gurluşyk komponentlerini we olaryň dizaýnyň konsepsiýasy, grafik we býujet bilen baglanyşygyny çuňňur bilmekligiň ägirt uly ähmiýeti bardyr. VDC goşundylary şuňa düşünmäge ýoly arçaýarlar.

13

Wirtual hakydalyk

Wirtual hakydalygyň giňişligi duýmaklygy we geljekki taslamany görmekligi geçirmegiň iň gowy usulydygyna ynanýarys. Dürli apparat we programma serişdeleriniň ulanylmagy zerurlyga baglylykda interaktiw tejribäni ornaşmanyň dürli derejelerine uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Wirtual hakydalyk çözgütleri kabul etmek, howpsuzlyk düşünjeleri we fazalary meýilleşdirmek üçin baglanyşygy gowulandyrýar.

14

Integrirlenen sanly syn ýa-da hakydalygy basyp almak

Integrirlenen sanly syn (Integrated Digital Turnover – IDT) obýektiň degişli maglumatlaryny bermek üçin çözgüt bolup durýar – hem BIM netijelerinden, hem-de adaty gurluşyk çeşmelerinden. IDT – bu taslama resminamalaryny dolandyrmagyň adaty prosesine başgaça düşünmekdir. Şu prosesiň maksady gurluşyk we ulanyş çygrynda bilimleriň arasyndaky boşluklary azaltmakdyr.

bottom of page