Gazanlara hyzmat etmek
"Işeňňir" gazanlara, bug generatorlaryna we gazan jaýlaryna tehniki taýdan hyzmat etmekde siziň ygtybarly hyzmatdaşyňyzdyr.
Suwuklygyň buga öwrülmegi güýji geçirmegiň wajyp tapgyrlarynyň biri bolup, basyş astyndaky degişli enjamyň siziň biznesiňiz üçin aýgytly ähmiýete eýedir. Ähli zat gazan enjamlaryndan başlanýar we bu örän wajyp bolup durýan prosesde birinji ädimdir. Şu nukdýnazardan gazan ulgamlary üçin aktiwleriň bitewiligini dolandyrmaklygyň siziň dessin dolandyryşyňyz üçin wajyp ähmiýeti bardyr. Biz bug-suw syklnyň çäklerinde amallaryň elýeterliligini, ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny amatlaşdyrmak maksady bilen toplumlaýyn çemeleşmäni hödürleýäris.
Biziň netijeliligimiz
• Gazanyň netijeliligini ýokarlandyrmak.
• Boş durmalaryň öňüni almagyň hasabyna çykdajylary azaltmak.
• Umumy ulanylyş gymmatyny azaltmak.
Biziň toplumlaýyn hyzmatlarymyz şulary öz içine alýar: serwis hyzmaty, inspeksiýalar we maslahatlar, önümçilik öçürilmeleri wagtynda meýilnamalaýyn tehniki hyzmat, şeýle hem ýöriteleşdirilen önümler we modifikasiýalaryň prosesinde hyzmatlar.
Biziň iş çygrymyz
• Netijeliligiň we öndürijiligiň derňewi we olara baha bermek.
• Inspeksiýa.
• Düýpli abatlaýyş.
• Modifikasiýa.
• Bökdençligiň sebäpleriniň derňewi.
• Serişdäniň galyndylygynyň barlagy.
• Meýilnamalaýyn tehniki hyzmat.
• Ätiýaç şaýlary bilen üpjün etmek.
• Zyňylmalaryň ölçegleri.