Weýran etmesiz barlag
Biz weýran etmesiz barlagyň ýöriteleşdirilen usullarynyň kömegi bilen siziň aktiwleriňiziň ygtybarlylygyny ýokarlandyrarys.
Iň häzirki zaman enjamlaryny we öňdebaryjy barlag usullaryny ulanyp, biziň hünärlerimiz siziň aktiwleriňiziň abatlygynyň ýokary derejesini netijeli üpjün ederler. Biz diňe bir inspeksiýa barlagaryny geçirmän, eýsem siziň aktiwleriňizi netilei ulanmak üçin tehniki goldawy we maslahatlary berip bilýäris.
Häzirki zaman ekologik we kanunçylyk kadalary hem bar bolan gaýtadan işleýän kärhanalar, hem-de amala aşyryş prosesindäki taslamalar babatda talaplary ýokarlandyrýar. Konstruksiýalaryň, önümçilik prosesiniň we ulanylýan materiallaryň ýagdaýyna düşünmeklik örän wajyp bolup durýar. Netijeler geljekki öňüni alyş we tehniki hyzmata çemeleşmäni kesgitleýär, ol bolsa siziň önümçilik prosesiňiziň üznüksizligini kepillendirip, amatly howpsuzlygy we ulanyş çykdajylaryna tygşytlylygy üpjün edýär.
Haçan-da bibatlyk bökdençlige ýa-da aktiw ulanyşdan mejbury çykmaga getirende, NDT ýüze çykan zeperlenmäniň derejesini kesgitlemek üçin ajaýyp gural bolup durýar. Bu düzediş hyzmatlaryny tiz, netijeli we tygşytly ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Biziň netijeliligimiz
• Özbaşdak çemeleşme we çözgütler.
• Tehniki goldaw we maslahatlar.
• Hyzmat etmegiň gowulandyrylan prosesleri.
• Türkmenistanyň ähli çäklerinde hyzmatlar.
• Ýokary hil standartlary.
• Häzirki zaman enjamlar.
• Çalt ýygnanmak.
• Kebşirleýiş işlerini barlamaga ýöriteleşme.
• Amatl howpsuzlyk.
• Kada görkezijilerine laýyklyk.
Biziň hyzmatlarymyzy
• Wizual inspeksiýa we Metrologiýa.
• Magnit bölejiklerini ulanmak bilen inspeksiýa.
• Ultrases barlagy.
• Aralaşma barlagy.
• Tüweleý tokly barlag.
• Rentgenografiýa.
• Materialy oňaýly meňzetmek.
• Örtügiň ýagdaýyna barlag.
Şeýle hem biz weýran etmesiz barlagyň adaty usulyny gowulandyrmak üçin öňde baryjy tehnologiýalary ulanyp, goşmaça usullary teklip edip bilýäris. Biziň kompaniýamyzyň giň müminçilikleri we önümçilik we ulanyş şikeslerini takyk ýüze çykarmak üçin iň ýokary derejede tehniki çözgütleri bermäge ukyply, öňde baryjy tejribesi bolan kompaniýalar bilen gatnaşyklary bar.