Nasos enjamlaryny abatlamak
Biziň kompaniýamyz hem gös-göni önümçilik obýektinde, hem-de biziň usshanalarymyzda nasos enjamlaryna toplumlaýyn we ýokary hilli tehniki hyzmat etmek we düýpli abatlamak boýunça hyzmatlary teklip edýär. Biziň bilimlerimiz we köp ýyllyk tejribämiz bardyr, biziň önümçilik kuwwatlyklarymyz bolsa ýurduň esasy senagat sebitleriniň we logistiki merkezleriniň gös-göni golaýynda strategik ýerleşendir bu bolsa müşderileriň zerurlyklaryna netijeli baş galdyrmak maksady bilen serişdeleri ýygnama prosesini aňsatlaşdyrýar. Biziň esasy meselämiz tygşytly çözgüt bilen durnukly ösüşiň arasynda amatly deňagramlylygy tapmakdyr.
Biziň hyzmatlarymyz şulary öz içine alýar
• Inspeksiýany we anyklaýyşy.
• Sandyramany ölçemek.
• Deňagramlylygy sazlamak.
• Dinamiki deňagramlylygy sazlamak.
• Lazerli deňlemek.
• Ýaglamak.
• Dikeldiş abatlamak.
• Düýpli abatlamak.
• Bejermek we reňklemek.
• Synag etmek.
• Işe goýbermek.
Hyzmat etmek boýunça biziň hünärmenlerimize goşmaça, biziň kompaniýamyzyň gidrodinamiki meseleleri çözmekde ýa-da turba geçirijiler ulgamyny we nasos enjamlarynyň konstruksiýasyny gowulandyrmakda hyzmatdaş kompaniýalardan daşary ýurtly hünärmenleri işe çekmekde giň tejribämiz bardyr.
"Işeňňiriň" ammarlarynda nasos enjamlarynyň dürli kysymlaryndan jemleýji we ätiýaç şaýlary bolup, öndürijiler we üpjün edijiler bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklaýar, bu bolsa tehniki hyzmat ediş we abatlaýyş prosesini aňsatlaşdyrýar we wagty tygşytlaýar. Detallaryň ýa-da jemleýjileriň bolmadyk halatynda "Işeňňiriň" siziň görnüşiňiziň bölegi bolup durmaýan OEM detalyny täzeden taslamalaşdyrmak we öndürmek üçin we şunlukda ýüze çykan meseläni çözmek üçin ýeterlik tejribesi we enjamlary bardyr.