Klapanlaryň inspeksiýasy
Tehniki hyzmata çykdajylary jemläp – siz klapanlaryň ygtybarlylygyny, enjamlaryň abatlygyny we önümçilik ulanyşynda üznüksizlgi ýokarlandyrýarsyňyz.
Iri kärhanalarda we zawodlarda enjamlary abatlamak maksady bilen önümçilik prosesi doly möçberde öçürilen wagty klapanlaryň tehniki hyzmaty örän wajyp faktory bolup bilýär, çünki duruzylan önümçilik ulgamlarynda çykdajylary we boş durma wagtyny azaltmak üçin tehniki hyzmatlary netijeli meýilleşdirmek örän wajypdyr.
"Işeňňir" sazlaýjy, bekleýji we goraýjy klapanlara baha bermek üçin öňde baryjy we innowasion inspeksiýa we anyklaýyş usullaryny ulanýar. Bu baha haýsy klapanlaryň dessine abatlanylmagy ýa-da çalşylmagy talap edýändigini kesgitläp, geljekki tehniki hyzmatyň meýilleşdirilmegini düýpli aňsatlaşdyrýar. Şeýle tapgyrlaýyn baha berme klapanlaryň tehniki hyzmatyna býijetleri meýilleşdirmäge we jemlemäge getirýär. Şeýle çemeleşme klapanlaryň tehniki hyzmatyna ulanyş çykdajylarynyň ýarsyny azaltmaga kömek berýär.
Ulanyş çykdajylarynyň azaldylmagy aşakdaky ýaly bolup geçýär
• Inspeksiýanyň geçirilmegini ýygjamlaşdyrmagyň hasabyna, ulgamdaky howply klapanlaryň ygtybarlygyny ýokarlandyrmak.
• Çykdajylary diňe mätäç bolan klapanlaryň tehniki hyzmatynda we düýpli abatlaýyşynda jemlemek.
• Önümçilik prosesiniň doly möçberli öçürilmegini meýilleşdirmekde netijeliligiň ýokarlandyrylmagy we zeperlenen klapanlaryň irki tapgyrda ýüze çykarylmagy soňraky tehniki hyzmaty pugta meýilleşdirmäge we zerur bolan jemleýjileri öňünden satyn almaga mümkinçilik berýär.
Önümçilik prosesiniň şertleriniň howplulygyna we düýpli abatlaýyşyň taryhyna esaslanyp, "Işeňňir" müşderi bilen bilelikde soňraky inspeksiýany geçirmek üçin klapanlaryň saýlawyny geçirýär we klapanyň kysymyna baglylykda biziň enjamymyzda synag prosesleriniň biri ýa-da birnäçesi geçirilýär, soňra ol biziň hünärmenlerimiz tarapyndan baha bermäni geçirmek üçin ulanylýar. Iň ýokary netijeliligi gazanmak maksady bilen, synag prosesleri önümçilik prosesleri öçürilýänçä ýa-da onuň başynda geçirilýär.