top of page
Mechanical construction

Mehanika boýunça hyzmatlar

Услуги по механике

Mechanical construction

"Işeňňir" kompaniýasynyň nebit-gaz, himiýa we energetika sektorlarynda enjamlary, mehaniki we turba geçiriji ulgamlaryny gurnamak boýunça taslamalarda önümçilik gurluşygyny amala aşyrmakda we dolandyrmakda bilimleri we tassyklanylan tejribesi bar. Biziň senagat kärhanalarynda hem esasy potratçy, hem-de kömekçi potratçy hökmünde enjamlary we infrastrukturany modifikasiýalaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça hem täze kärhanalarda, hem-de taslamalarda enjamlary gurnamak boýunça giň tejribämiz bar.

Biz taslamalaşdyrmakdan we taslamany dolandyrmakdan, tä satyn almalara, taýýarlyk işlerine, elektrotehniki we mehaniki işlerini geçirmeklige we ulanyşa girizmeklige çenli toplumlaýyn hyzmatlary teklip edýäris. Bizde ähli kyzymly, ölçegdäki we kynlyk derejesindäki önümçilik gurluşygynyň taslamalaryny dolandyrmak boýunça ähli zerur bolan taslama-inženerçilik iş tertipleri bar. Gös-göni obýektde önümçilik gurluşygy we gurnama işleri biziň tejribeli gurnaýjylarymyz, kebşirleýjilerimiz we ýolbaşçylar hökmünde baý tejribesi bolan taslama-inženerçilik bölüminiň işgärleri tarapyndan geçirilýär. "Işeňňiriň" taslamany howpsuz, netijeli we wagtynda amala aşyrmak üçin ähli zerur bolan serişdelri bar.

Biziň mümkinçiliklerimiz şulary öz içine alýar

• Mehaniki we turba geçiriji ulgamlaryny öndürmek we gurmak boýunça hyzmatlar.
• Raýat gurluşygy, boýunça işleri, potraçylary we kömekçi potratçylary dolandyrmak we utgaşdyrmak.
• Töwekgellikleriň, satyn almalaryň we üpjünçiligiň derňewi, işleri taýýarlamak we taslamanyň amala aşyrylmagyny meýilleşdirmek.
• Ýokary hünärli we täjribeli tehniki hünärmenler tarapyndan taslama gözegçilik we goldaw.
• Hili dolandyrmak we üpjün etmek boýunça resminamalar.
• Biziň önümçilik kuwwatlyklarymyzda taslamany amatlaşdyrmak üçin deslapky önümçilik.
• Taslamany howpsuz we çaklap amala aşyrmak.

Önümçilik gurluşygy çygrynda taslamalary amala aşyrmagyň häzirki zaman görnüşlerinde taslamalary meýilleşdirmekdäki we amala aşyrmakdaky kynçylyklary raýat gurluşygyndakydan ýa-da raýat infrastrukturasynyň gurluşygyndakydan has uludyr. Şunuň üçin biziň kompaniýamyz dersara taslamalaryň we olaryň modifikasiýalarynyň ýerine ýetirilişini barlamak üçin her taslama üçin işleriň, amallaryň we prosesleriň akymyny dolandyrmak boýunça özbaşdak ulgamy işläp taýýarlaýar. Her ulgamyň esasynda biz deslapky işleriň taýýarlygyny we geljekki dolandyryşy geçirýäris:

• Turba geçirijileri öndürmek we gurnamak.
• Mehanika boýunça işler.
• Kebşirleýiş işlerinden soň gyzgynlyk bilen bejermek.
• Weýran etmesiz barlag usullary bilen inspeksiýa.
• Elektrik enjamlary we abzallary bilen işler.
• Polat konstruksiýalar we kompozit materiallardan gurluşlar bilen işler.
• Reňklemek, izolýasiýa we gurluşyk gurşaw sekileri.

bottom of page