Biziň kompaniýamyz
Biziň esasy wezipämiz "Biz taslamalaşdyryp, siz bilen geljegi döredýäris" – biziň edýän ähli zadymyzy gönükdirýär
Ol biziň müşderilerimiz, hyzmatdaşlarymyz, potratçylarymyz we işgärlerimiz bilen açyk, özara gatnaşyklarymyza esaslanandyr we biziň bäş sany esasy baýlyklarymyz bilen tassyklanýar: akýüreklilik, ynam, serwis, hil we zähmetsöýerlik.
1
Biziň düşünşimiz
Biziň düşünşimiz tejribä we kompaniýamyzyň barlyşyksyz gymmatlyklaryna – islendik taslamany amala aşyrmakda howpsuzlyga we hile daýanyp, içerki bazarda lider bolmaga we halkara bazarda ygtybarly hyzmatdaş bolmaga ymtylmamyzdadyr. Ol bize kompaniýa hökmünde ymtylmalarymyzy we biziň her gün jan etmeli ugrumyzy ýatladýar – özüne çekiji iş beriji we maksatlary hem-de öňde goýlan tabşyryklary amala aşyrmagyň ýolunda ygtybarly hyzmatdaş, senagat çygrynda üstünlikli innowasiýa hyzmatlarynyň we islendik taslamalarda hem-de islendik çygyrda amatly çözgütleriň üpjün edijisi bolmak.
2
Biziň wezipämiz
"Taslamalaşdyryp, geljegi döretmek" – biznesiň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edip, senagat industriýasynyň standartlaryny we ösüş wektoryny kesgitläp, oňaýly özgermeleriň öň hatarynda bolup, dünýäne gowulyga özgerdip, taslamalary howpsuz we ýokary hilli amala aşyryp, islendik wagtda we islendik ýerde biziň müşderilerimiziň, biziň işgärlerimiziň we jemgyýetimiziň bähbidi üçin.
Müşderiniň ýokary talaplaryny bildirmek bilen toplumlaýyn we innowasion çözgütleri ornaşdyrmak, taslamanyň özüşiniň ähli tapgyrlarynda – ony kesgitläp başlandan tä önümli ulanylyşa girizilýänçä we ulanyş prosesinde hyzmat edilmegine çenli – uly täsire eýe bolan funksional gurşawy we hili bilelikde döretmek.
Müşderiniň biznes-proseslerine, onuň talaplaryna we maksatlaryna, taslamanyň takyk gönükmesine düşünmek we onuň ösüşiniň ähli tapgyrlarynda onuň bilen özara hereket etmek, çünki bu biziň wezipämiziň iň wajyp maksadyny üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär – taslamanyň.
3
Biziň baýlyklarymyz
Biziň baýlyklarymyz bizi kompaniýa hökmünde kesgitleýän wyşdanlylyga we hökmany hem sarsmaz ýörelgelerimize bolan wepalylyga esaslanandyr:
Akýüreklilik – biziň işgärlerimiz ýüregi açyk, gönümel we dogruçyl. Biz iň ýokary ahlak standartlaryň tarapdarydyrys. Biziň işgärlerimiziň sözi – bu olaryň aragatnaşygydyr. Olar diýýän zadyny edýärler we adalatlylygyň hem-de özüňi alyp barmagyň iň ýokary standartlaryna laýyk gelýär. Biz adamlara adalatly degişlidiris, aýdýan zatlarymyzy edýäris we ederis.
Ynam – biz özümizi beýlekileriň ynamyny ödemek üçin alyp barýarys we gatnaşýan taslamalaryň hersinde işewür hyzmatdaşlarymyzyň ynamyny gazanmak üçin tagalla baryny edýäris. müşderilere pikir edýän zatlaryny bize gürrüň bermäge itergi berýän gurşawy döredýäris.
Serwis – biz hemmelere, şol sanda biziň müşderilerimize, kärdeşlerimize we umuman biziň jemgyýetimize hyzmat etmegiň ýokary derejesini bermekligi öz borjumyz hasap edýäris. Biz müşderilerimiz we potratçylarymyz barada alada edýäris we olaryň zerurlyklaryna çalt hem netijeli baş galdyrýarys.
Hil – biz ýokary hil standartlaryny belleýäis, bu standartlary iş ýerlerinde meýilleşdirýäris we jogapkärçiligi öz üstümize alýarys, hat-da elmydama özümiziň tamalarymyzdan üstün çykmaga ymtylyp, muny birinji gezekden dogry edýäris.
Zähmetsöýerlik – biz erjellik bilen işleýäris, ýöne biz hünärimiziň we şahsy durmuşymyzyň arasynda deňagramlylyk döretmek üçin, aňly-düşünjeli işleýäris. Biz ýokary öndürijilik standartlaryny belleýäris we özümizi olar bilen deňeşdirýäris.
4
Biziň ýörelgelerimiz
Biziň ýörelgelerimiz biziň korporatiw medeniýetimiziň, biziň kompaniýamyzyň iş usulynyň binýady bolup durýar we biziň wezipämizi, düşünşimizi we baýlyklarymyzy berkidip, işewürlik işjeňligimizi gündelik gönükdirýärler:
Berdaşlylyk we barlyşyksyzlyk – biziň işimiziň hemme tapgyrlarynda işleriň hilini, tehniki howpsuzlygy, zähmetiň we daşky gurşawyň goragyny üpjün etmekde.
Açyklyk, ynam we hormat – biziň ilkinji nobatda adam hökmünde hormat goýýan her bir işgär bilen gatnaşyklarda, onuň özbaşdak ösüşine aýratyn üns berip we özüniň gujur-gaýratyny doly açmaga mümkinçilik berip.
Hereketlerdäki erkinlik we saýlamak hukugy – biz alnan borçnamalaryň hiline we ýerine ýetirilmegine, garaşsyz çözgütleri kabul etmäge we özüniň işinde öňdengörüjiligi ýüze çykarmaga we özgermelere uýgunlaşmaga jogapkärçilik çekýän işgärlerimize ynanýarys.
Aýdyňlyk, jogapkärçilik we tertip – biz işimizi amala aşyramyzda işimiz üçin hut özümiz we kompaniýa hökmünde jogap berýäris. Biz islendik işiň iň ýokary derejede ýetirilmegi üçin tagalla baryny edýäris we elmydama üstünlige ymtylýarys.
Ähli edýän işlerimizde halallyk – biz ýokary ahlak ýörelgeli we berk häsiýetli adamlar. Biz ahlak ýörelgelerimizden el çekmän, halallyga, gaýratlylyga, pähimlilige, erjellige we ynama hormat goýýarys.
Öz-özüň bilen bäsleşikde elmydama kämilleşmek – biziň kompaniýamyzyň we onuň işgärleriniň güýçli we gowşak taraplaryny görmäge mümkinçilik berýär, işde maksimal üstünligi gazanmak üçin kompaniýanyň ösüşinde taktikany we strategiýany kesgitleýär.
Toparlaýyn iş – toparlaýyn ruh – kompaniýamyzyň we biziň müşderilerimiziň üstünligi gazanmagy üçin diňe toparda işläp, bilimler, tejribe we serişdeler bilen alşyp, işde ajaýyp netijeleri gazanyp bolýandygyna biz ynanýarys. Biz kompaniýanyň bähbitlerini şahsy üstünligimizden ileri tutýarys – biziň agzybirligimiz we güýjümiz şundadyr.
5
Biziň medeniýetimiz
Müşderiniň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga ymtylma, işgärleriň ösüşi üçin iň gowy şertleri ýerine ýetirmekde artykmaçlyk we üpjün etmek biziň kompaniýamyzy ygtybarly hyzmatdaş edýän medeniýeti döredýär. Biziň işgärlerimiz öwrenmek we okamak, öz-özüňi kämilleşdirmek we baýlyklary ýokarlandyrmak üçin elmydama täze mümkinçilikleri gözleýärler, howpsuzlyga, ýerine ýetirmegiň hiline, halallyga we hormata bolan ygrarlylygy paýlaşýarlar. Biz işgärlerimiz bolup bildigiçe has gowy bolar ýaly, olary ündeýäris, okadýarys we goldaýarys. Bu umumy medeniýet has gowy adamlary çekmek we saklamak üçin katalizator bolup durýar, işgärler bolsa, öz gezeginde, biziň müşderilerimize ajaýyp serwisi we döredijilikli çözgütleri berip bilýärler.
6
Biziň taryhymyzy
"Işeňňir" – bu 2007-nji ýylda Aşgabat şžherinde döredilen, EPFCC (Engineering, Procurement, Fabrication, Construction & Commissioning) hyzmatlaryny berýän hususy taslama-inžener we gurluşyk kompaniýasy. Kompaniýanyň ilkibaşdaky işi nebit-gaz we himiýa pudaklarynyň senagat kärhanalaryna tehniki taýdan hyzmat etmekden we gazyp çykaryş senagatyny enjamlaryny abatlamakdan ybaratdyr.
Özüniň soňraky ewolýusion ösüşiniň dowamynda we kärhanada döredilen taslama-inžener bölümi bilen biziň kompaniýamyz önümçilik prosesini senagat taýdan taslamalaşdyrmak we işläp taýýarlamak çygrynda işjeň işläp taýýarlamalara geçdi. Tehniki hyzmat etmekde baý tejribäni we senagat önümçilik proseslerini bilmekligi nazara alyp, soňundan Türkmenistanyň häzirki zaman nebit-gaz, himiýa we gaýtadan işleýiş senagatynyň hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin önümçilik kuwwatlyklaryny satyn almak we özüniňkilerini ösdürmek bilen, biziň kompaniýamyz hususy maddy-tehniki binýady döretmekde ünsüni jemledi. **
Teklip edilýän hyzmatlaryň tehniki hyzmatlary bermekden taslamalaşdyrmak, inženeriýa we gurluşyk ýa-da "Doly gurup tabşyrmak" çygrynda toplumlaýyn we doly möçberli teklip ediş görnüşleriniň artmagy we ösmegi, şeýle hem Kaspi Deňzindäki ýurduň senagat we logistiki merkeziniň golaýynda kompaniýanyň infrastrukturasynyň ösmegi sebäpli – 2013-nji ýylda kompaniýanyň esasy serişdelerini hemişelik esasda Türkmenbaşy şäherine geçirmek barada karary kabul etdik.
Şu günki günde, material we tehniki serişdelerinden we himiýa hem-de nebit-gaz pudagynda senagat dizaýny, gurluşyk we tehniki hyzmat etmek çygrynda dowamly iş tejribesinden başga, biziň kompaniýamyz eýýäm ýerine ýetirilen işleriň baý sanawyna eýedir, olaryň bir bölegini biz buýsanç bilen size hödürläp bilýäris.