Töwekgelligiň derňewi
Анализ и оценка риска
Risk assessment
"Önümçilik prosesi" we "tehnologik prosesi" düşünjeleri manysy boýunça mgolaýdyr, emma meňzeş däldir. Haçan-da önümçilik işiniň dowamynda tehnologik prosesleriniň birgideni ulanylanda, adatça, tehnologik proses önümçilik prosesiniň bir bölegi bolup durýar. Önümçilik prosesi taslamany amala aşyrmakda zerur bolan ähli hereketleriň jemi bolup durýar, tehnologik proses bolsa – bu taslamany amala aşyrmagyň prosesinde käbir tehnologiýany amala aşyrýan prosesdir.
Töwekgellikleri gowşatmak, önümçilik we tehnologik prosesi amatlaşdyrmak we howpsuzlygyny üpjün etmek – her taslama ýa-da hereket edýän aktiw üçin esasy ileri tutulmaly zat bolup durýar. Biz üç ugurlaryň hemmesini üpjün etmek üçin kompaniýa zerur bolan çözgütleri teklip edýäris. Her taslamada we onda ulanylýan biziň üpjün edýän tehnologiýalarymyzda biz önümligi, çykdajylaryň netijeliligini we howpsuzlygy mümkingadar ýokarlandyrýan degişli çözgütleriň berilemgi üçin jogapkärçilik çekýäris.
Biziň tejribämiziň we bilimlerimiziň bolmagy bilen, biz önümli ulanmagyň barşynda obýektiň sezewar bolýan ähtimal howplaryň netijeli dolanşygyny üpkün etmek maksady bilen, bolup biljek töwekgellikleriň derňewini geçirýäris we garaşylmadyk ýagdaýlara baş galdyrmagyň strategiýasyny kesgitleýäris.
Biz amala aşyrylýan her taslama üçin abatlygy we howpsuzlygy üpjün etmek arkaly üstünligi kesgitleýäris
Taslamalaryň dürli kysymlaryny amala aşyrmakda köp ýyllyk tejribämiziň bolmagy bilen, biz tejribe bilimlerini topladyk, biz olary siziň önümçiligiňizde prosesleri amatlaşdyrmak üçin ulanyp bilýäris, şunuň bilen siziň kärhanaňyzyň öndürijiligini mümkingadar ýokarladyrarys. Biz göterilýän tehniki serişdelerini ulanmak bilen hadysalar barada habar bermek arkaly obýektde howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmak üçin serişdeleri teklip etmek bilen, hem hususy, hem-de müşderilerimiziň howpsuzlygyna aýratyn üns berýäris. Biziň müşderilerimiz çözgütleriň maglumatlaryny bize ynanýarlar, çünki siziň näme öndürýändigiňiz däl-de, eýsem siz ony nä derejede netijeli we howpsuz edýändigiňiziň wajypdygyna düşünýärler.