Geljekli taslamalaşdyrmak
Gazyp çykarýan, himiki we energetika senagaty üçin konstruksiýalaryň häzirki zaman taslamalaşdyrylmagy ileri tutulýan häsiýete eýe boldy. Häzirki wagtda häzirki zaman ykdysady, durmuş we ekologiýa talaplaryny nazara alyp, binýat ylymlarynyň, gurnamaklygyň we tehnologiýanyň wajyp gazananalaryny peýdalanmaklygy, ýokary goragy göz öňünde tutýan hil taýdan ýokary derejeli konstruksiýalary taslamalaşdyrmagyň we döretmegiň prosesinde çözgütleri talap edýän meseleleriň çylşyrymlylygy we toplumlaýynlygy juda artdy.
Bu meseleler geljekli taslamalaşdyrmagyň tapgyrynda çözülýär, ýagny haçan-da binýat tehniki taslamalaşdyrmagyň çäklerinden çykýan köp sanly bildirilýän talaplary hasaba almak bilen, konstruktiw wariantlary hemme taraplaýyn seljerip bolanda. Bu ýokary talaplary bildirmek bilen, iýiji gurşawda taslamany amala aşyrmagyň şertlerinde ýüze çykýan çylşyrymly tehniki meseleleriň çözgütleri, ol ýerde obýekti ulanmagyň prosesinde töwekgellikleri azaltmak maksady bilen öňde baryjy seljeriş usullary we innowasion çözgütler ulanylýar.
Kompaniýalaryň maksimal mümkinçilikleri peýdalanmaklyga ymtyldyklaryça we aşa çuň gatlaklarda we has ýowuz howa şertlerinde we iýiji gurşawda ýataklary özleşdirdikleriçe, olar adaty konstruksion çözgütleriň ulanylmagyny hökmany ýagdaýda şübhelendirýän günsaýyn artýan tehniki kynçylyklara gutulgysyz duş gelip, olary ýeňip geçmeli bolýarlar.
Toplumlaýyn meseleleriň innowasion çözgütlerini bermek maksady bilen, konstruksiýalary taslamalaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalarda iş tejribesi bilen meseleleri çözmekde giň bilimleri, tehniki ussatlygy we döredijilikli çemeleşmäni ulanyp, biz tebigy we tehnogen gelip çykyşly betbagtçylyklaryň dürli görnüşlerine döz gelmäge ukyply bolan konstruksiýalary taslamalaşdyrýarys.
Biziň hyzmatlarymyz şulary öz içine alýar
• Aňryçäk ýüklenmelere baha bermekligi.
• Ýöriteleşmeleriň kadalaşdyryjy-tehniki resminamalara laýyklygynyň çyzykly derňewini.
• Çyzykly däl derňewi, şol sanda materiallary we geometrik täsirleri.
• Dinamiki täsir edilende berkligiň derňewini.
• Dinamiki derňewi, şol sanda tebigy gelip çykyşly betbagtçylyklaryň arhiw maglumatlaryny.
• Töwekgellikleriň we ygtybarlyklaryň derňewini.
• Aňryçäk berkligiň derňewini.
• Ahyrky elementler usuly bilen derňewi.
• Obýektler çaknyşanlarynda berkligiň derňewini.