Gurluşygy dolandyrmak
Gurluşygy dolandyryjylar hökmünde biz buýrujy üçin potratçylar bolup çykyş edip, meýilleşdirmekden başlap tä gurluşyga we ulanyşa girizilýänçä administratiw we dolandyryjylyk hyzmatlaryny buýrujynyň wekili ýaly berýäris, emma biz şu halatda şu kesgitlemä nusgawy düşünmekde gurluşyk boýunça potratçy däldiris. Muňa garamazdan, biz bir wagtyň özünde taslama guramasy bilen bilelikde taslama çekilen bolýarys, bu bolsa taslama işlerini ýerine ýetirmegiň gidişine barlaga we gurluşyk tehnologikligine talaplaryň hasaba alnyşyna işjeň gatnaşylmagyna ýardam edýär, bu gözegçilik hem-de bilermenlik bilimleriniň aýratyn ýokary derejesini talap edýär we gurluşyk wagtyny mümkingadar gysgaltmak maksady bilen gurluşyk işleriniň grafigine gözegçilik edýär, ony düzedýär.
Gurluşygy dolandyrmagyň düýp manysy buýrujynyň öňde goýan talaplaryny üpjün edip, işleriň bahasyny, möhletlerini we hilini bir wagtda barlamakdan ybaratdyr. Berlen görnüşde gurluşyk işlerini alyp barýan kompaniýalar potradyp adaty görnüşindäki ýaly baş potrtaça tabyn bolman, eýsem gös-göni buýruja tabyndyrlar, biz onuň wekili bolup çykyş edýäris.
Gurluşygy dolandyrmak boýunça hyzmatlar şulary öz içine alýar
• Şertnamany taýýarlamak.
• Taslamalaşdyrmany meýilleşdirmek we utgaşdyrmak.
• Çykdajylary barlamak.
• Üýtgeýşe talapnamalary noldan dolandyrmak.
• Işleriň grafigini barlamak.
• Taslamada işleri utgaşdyrmak.
• Obýekte gözegçilik we tehniki howpsuzlyk gullugy.
• Ulanyşa girizmek we kepillikli hyzmat.