top of page

Ýyladyş, Wentilýasiýa we Kondisionirleme (ÝWweK)

Baý tejribeli we barlanylan abraýly Ýyladyş, Wentilýasiýa we Kondisionirleme (ÝWweK) çygrynda hyzmatlaryň doly toplumy. "Işeňňir" häzirki tehniki hyzmatdan tä ÝWweK enjamlaryny we ulgamlaryny taslamalaşdyrmaklyga, öndürmeklige, gurnamaklyga we ulanyşa girizmeklige çenli toplumlaýyn hyzmatlary berýär.

Ýyladyş, Wentilýasiýa we Kondisionirleme (ÝWweK)

Biziň netijeliligimiz we tejribämiz

• ÝWweK hyzmatlarynyň doly toplumy, taslamalaşdyrmakdan tä gurnamaklyga we ulanyşa girizmeklige çenli, şeýle hem meýilnamalaýyn tehniki hyzmat.
• Ýokary pudak standartlaryna laýyklykda hyzmatlary bermegiň barlanylan sanawy.

Iň ýokary pudak standartlaryna laýyklykda we häzirki zaman ekologik we kanunçylyk talaplaryna laýyklykda ÝWweK jemlenen hyamatlaryny bermekde gowy tejribesi bar, şol sanda saglyk üçin howply maddalara gözegçilik etmekde. Biziň toplumlaýyn hyzmatlarymyz köp ugurly taslama-inženerçilik we tehniki toparlarymyz tarapyndan, taslamanyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen işgärleriň sanyny azaltmak üçin berilýär.

Biziň aşakdakylarda ÝWweK taslamalaryny amala aşyrmakda baý tejribämiz bar

• Senagat kärhanalarynda.
• Kenar infrastrukturasynda.
• Deňiz gämilerinde we platformalarda.

ÝWweK boýunça biziň mümkinçiliklerimiz şulary öz içine alýar

• Kondisionirleme ulgamlaryny we sowadyjy desgalaryny taslamalaşdyrmak, gurnamak, işe goýberiş-sazlaýyş işleri we tehniki hyzmat etmek.
• ÝWweK we sowadyş ulgamlarynyň inspeksiýasy we monitoringi.
• ÝWweK ulgamlaryny ulanyşa girizmek.
• ÝWweK ähli enjamlaryny tehniki taýdan hyzmat etmek boýunça meýilnamalaýyn iş tertipleri.
• Çäkli sorup çykaryjy ulgamy barlamak we testleşdirmek.
• Çäkli sorup çykaryjy wentilýasiýa ulgamlaryny taslamalaşdyrmak, gurnamak we ulanyşa girizmek.
• ÝWweK ulgamlaryny üzňelemek we gohuny basyp ýatyrmak.
• Howanyň ýagdaýyny we hilini barlamak.

bottom of page