Turba geçirijileri ýasamak
Turba geçirijileriň komponentlerini ýasamak.
Bu turbalar, tirsekler, üçlükler, flanesler we beýlekiler ýaly turba geçirijileriň komponentlerini biziň müşderilerimiziň taslama talaplaryna dogry laýyklykda turba geçirijileriň inžener ulgamlaryna kebşirlemek prosesidir. Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşen biziň önümçilik obýektlerimiz iň häzirki zaman tehnologiýalary we prosesleri ulanýarlar, zerur bolsa biziň çaklaň önümçilik ulgamlarymyz gysga möhletlerde gerekli obýektde jemlenip bilýärler.
Biz aşakdakylary üpjün edýän, turba geçirijiler üçin doly çözgüdi size teklip edip bilýäris
• Häzirki zaman awtomatlaşdyrylan kebşirleýiş prosesleri.
• Induksion we sowuklygyna egmek.
• Robotlaşdyrylan kesmek we kebşirlemek.
• Içki çüwdürimli bejermek we reňklemek.
• Weýran etmesiz barlag usullary (NDT) bilen synag etmek we gyzgynlyk bilen bejermek.
• Hakyky wagt düzgüninde yzarlamak.
• Reňkli ştrihli kodlary goýmak.
"Işeňňir" nebit-gaz, himiýa, energetika we gazyp çykaryş senagatynda ýerüsti we suwüsti obýektleri üçin gurnama we inžener hyzmatlaryny birleşdirýär. Biziň senagat obýektlerine tehniki hyzmat edilmegini dolandyryş çygrynda amaly işimiziň bolmagy sebäpli, biz bar bolan senagat kärhanalarynda islendik ölçegli inžener modifikasiýalaryny taslamalaşdyrmakda bilimlere we tejribä eýediris. Biz taslamalaşdyrmak bilen aktiwleri ulanmagyň arasynda çylşyrymly meseleleri çözmek bilen meşgul bolýarys.
Biziň ussat gurnaýjylarymyzyň we kebşirleýjilerimiziň köp ýyllyk tejribesi bolup, biziň iň gymmatly aktiwimiz bolup durýar. Olaryň bilimleri we tejribesi taslamanyň bütin dowamynda işiň ýokary hilini kepillendirýär. "Işeňňir" ulanylýan materiallaryň, şeýle hem ýasalan detallarda we gurnamalarda häsiýetlerini derňemek we kemçiliklerini kesgitlemek üçin weýran etmesiz barlag usuly (NDT) bilen tehniki bilermenler seljermesiniň iň ýokary derejesini ulanýarlar. Şeýle hem biz konstruksiýalaryň we enjamlaryň gurnamasyny, turba geçirijileriň izolýasiýasyny, elektrik enjamlarynyň gurnamasyny we beýleki elementleri birleşdirýän, baglanyşykly dersara hyzmatlaryny teklip edýäris. Bu çekilýän potratlaryň mukdaryny ujypsyzlandyryp, taslamanyň netijeliligini we tygşytlylygyny ýokarlandyrýar. Müşderi üçin peýda – taslamanyň bir potratçy tarapyndan birkemsiz amala aşyrylmagy.