Deslapky gurluşyk
Taslamanyň üstünligi deslapky gurluşygyň nä derejede netijeliligine baglydyr we biz her bir ädmimimizi biziň taslamamyzyň pudakda iň gowy bolup durýandygyny kepillendirip ädýäris. Býujetden, meýilleşdirmeden estetiki maksatlara çenli, biz müşderi üçin amatly bahany üpjün etmek maksady bilen deslapky gurluşygy bilelikde, hemme taraplaýyn we üstünlikli dolandyrýarys.
Biz eýýän gurluşygyň deslapky tapgyrynda gurluşyk meýilnamalarynyň änigine-şänigine ýetip we guramaçylygynyň üstünde işläp başlaýarys, we biziň inžener-taslama toparymyz tasamany amala aşyrmagyň prosesini dolandyrmak we ony üstünlikli tamamlamak üçin müşderi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär.
Gurluşygyň tehnologiýasyna syn we deslapky gurluşyk boýunça hyzmatlar
Biziň inžener-taslama toparymyz taslamanyň her tapgyrynda örän möhüm rol oýnaýar. Biz gurluşyk işleriniň başlangyç tapgyrynda kynçylyk döredip biljek, taslama resminamalarynda ýüze çykýan islendik soraglary barlamak we çözmek üçin, taslamalaşdyrmak we gurluşyk boýunça ussatlar bilen hyzmatdaşlyk edýäris. Taslamanyň başyndan tä ahyryna çenli biz deslapky gurluşygyň ähli tapgyrlarynda ähli, şol sanda tankydy soraglary ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyklary we ýygnaklary yzygiderli geçirip, býujet meýilleşdirmesini täzelemekde inžener-taslamak toparyna kömek berýäris. Hemişelik we ygtybarly kommunikasiýa şowly taslamany görkezmek üçin örän wajypdyr.
Gurluşyk boýunça deslapky hyzmatlar şulary öz içine alýar
• Bahany kesgitlemek we býujeti düzmek.
• Bahanyň derňewi.
• Taslamanyň tehnologiýasyna syn we durmuş syklnyň derňewi.
• Eltip berlişi ýerine ýetirmegiň dowamly möhleti bilen materiallary meňzetmek we sargyt etmek.
• Taslamanyň derňewi we onuň goldawy.
• Taslamany meýilleşdirmek.
Biziň kompaniýamyz taslamanyň býujetini dolandyryp we hil barlagy ulgamyny gurup, her täzelenmede meýilnamalara gaýtadan seredýär. Gurluşykda öňde baryjy tejribä barada biziň düşünjämiz şuňa esaslanandyr, ýagny biziň toparymyz – bu biziň müşderimiziň dowamydyr, ygtybarly kommunikasiýa we öndürijilikli hyzmatdaşlyk bilen taslamany amala aşyrmagyň prosesinde hiç hili duýdansyzlyklar bolmaz. Biz müşderiniň hyýalyny doly kanagatlanarlyk bilen ýerine ýetirmek üçin, biz diňleýäris we soraýarys, müşderi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýäris.