Taslama mevilleşdirmesi
Wagt – bu puldugyna we munuň ähli gurluşyk taslamalaryna dogry gelýändigine biz gowy düşünýäris. Bellenilen grafige takyk eýermeklik – müşderileriň biziň hyzmatlarymyzdan kanagatlanmagyny gazanmak usullarynyň biri bolup durýar.
Dowamly gurluşyk grafigini döretmekde – biziň meýilleşdirmek boýunça toparymyzyň hem raýat, hem-de senagat gurluşygynda taslamalary meýilleşdirmekde uly tejribesi bar. Olar özleriniň bilimlerini, baý tejribesini we taryhy maglumatlary taslamanyň deslapky grafigini düzmek üçin ulanýarlar.
Gurluşyk senagaty elmydama ösýär, şol sebäpli maglumatlaryň ulanylmagy takyk grafik üçin möhümdir. Biz grafige şertlendirmäge kömek bermek üçin, biz önümçiligiň tizligi we zerur bolan komponentleri ýa-da materiallary eltmek, iş meýdançasyna barmak, teýgumyň ýagdaýy barada hasabatlar we beýleki köp sanly faktorlara garaýarys. Esasy gurluş hökmünde baş grafigiň kömegi bilen gysga aralykly grafikler döredilýär we täzelenýär. Gündelik işjeňlik obýektde işleriň ösüşini ölçemek we gurluşygyň möhletlerini saklamak üçin esas hökmünde hasabat görnüşinde bellige alynýar. Her hepdede iki hepdelik çaklama düzülip, ol islendik wagtda obýektde ähli işleri utgaşdyrmak üçin berk jemlenen binýady döredýär.
Taslamanyň menejeri gurluşygyň obýektinde brigadirler we ýolbaşçylar bilen her hepdede duşuşyklary geçirmek arkaly, alnyp barylýan işleriň ähli ugurlary we hünärler boýunça gündelik işi sazlaşdyrmakda aýgytlaýjy roly oýnaýar. Iki hepdelik grafikden gündelik işi gyradeň utgaşdyryp bolýar – materiallaryň wagtynda gelip gowuşmagynda we olary gurluşyk obýektinde ulanmaga taýýar bolan işçiler bilen. Meýilleşdirme hem özgerme barada islendik ýüz tutmalara çalt baha bermäge, bökdençlikleri aradan aýyrmaga, barlaglary meýilleşdirmäge we taslamanyň takyky ösüş statusy barada müşderini habarly etmäge bize mümkinçilik berýär.