Birkysmy taslamalaşdyrmak
Birkysmy taslamanyň ýa-da taýýar EPC esasy maksady we ulanmakda amatlylygy – iň täze tehnologiýalary peýdalanmak we innowasiýalary ornaşdyrmak bilen indiki nesliň taslamalaryny modifisirlemegiň we işläp taýýarlamagyň mümkinçiligindedir. Birkysmy taslama onuň netijeli konsepsiýasynyň subutnamasy bolup durýar we anyk meseleler üçin niýetlenendir. Zerur modifikasiýalardan we uýgunlaşmalardan soň, ol gös-göni taslamany fisiki amala aşyrma tapgyryna geçmäge mümkinçilik berip, wagt we taslamalaşdyrmak boýunça çykdajylary düýpli peseldýär, şunuň bilen taslamada çykdajylary azaldýar we töwekgellikleri peseldýär, bu bolsa ony amala aşyrmagyň grafigine we umumy bahasyna täsir edýär.
Birkysmy taslamalary peýdalanmakda biziň çemeleşmämiz taslamalaşdyrmak, satyn almalar, önümçilik we gurluşyk boýunça taýýar EPC çözgütleriň käbir artykmaçlyklaryndan peýdalanmaga biziň müşderilerimize mümkinçilik berýär. Biziň kompaniýamyz taslamalaşdyrmakda öňki tejribäni ulanyp, taslamalary eýýäm bar bolan maglumatlara laýyklykda we öndürijiler hem-de üpjün edijiler bilen hyzmatdaşlykda standartlaşdyryp, birkysmy taslamalaryň konfigurasiýasyny işläp taýýarlaýar. Biziň keseki işläp taýýarlaýjylaryň konseptual birkysmy taslamalaryny bermekde mümkinçiligimiz bar, olary zerur taslama üçin ýa-da önümçilik zerurlygy bilen modifisirlemek mümkinçiligi bilen.
Standart taslama konfigurasiýalaryň ýygnamy biziň ýerine ýetirýän işlerimiziň ähli toplumyny, çünki olar öz klasyndaky iň gowy obýektlere esaslanandyr, olary müşderileriň anyk zerurlyklaryna laýyk getirmek we bäsleşige ukyplylygyny saklap galmak üçin gaýtadan döredip, modifisirläp we uýgunlaşdyryp bolýar – düýpli çykdajylary azaldyp, zyňylmalaryň göwrümlerini peseldip we ýokary netijeli awtomatiki konfigurirlenýän modul çözgütlerini öz içine alýar, bu bolsa boş durma wagtyny we soňraky tehniki hyzmata harajatlary düýpli azaldýar. Bu taslamanyň bahasynyň düýpli ýokarlanmagyny üpjün edýän öňe ädilen uly ädimdir.