Funksional-baha derňewi
Islendik meýilnamany tankydy derňewi, bilimleri we tejribäni dogry ulanmak arkaly amatlaşdyryp we gowulandyryp bolýar. Bizde netijeliligi gowulandyrmak we çykdajylary azaltmak maksady bilen siziň inžener-gurnaýjylyk işleriňiziň meýilnamalaryny we gragikleriňizi derňemek, baha bermek we gowulandyrmak üçin ähli zerur zatlar bar. Esassyz we netijesiz düzüjilere düzedişleriň girizilmegi we olaryň aýrylmagy taslamany amala aşyrmagyň möhletlerini gysgaltmaga we çykdajylary azaltmaga size kömek berer.
Biz tehniki taslamalaşdyrmak we töwekgellikleri dolandyrmak boýunça beýleki tekliplere goşmaça, funksional-baha derňewi we taslama bahasyny peseltmek boýunça hyzmatlaryň doly göwrümini berýäris. Biziň hünärmenlerimiz ähli taslama-inženerçilik derslerinde siziň taslamaňyzyň ähli ugurlaryny, taslamanyň bahasyny we grafigini hasaplamak bilen baglanyşykly töwekgellikleriň deslapky seljermesinden başlap, işläp taýýarlamaklyga we gurnamaklyga çenli seljermäge taýýardyr.
Funksional-baha derňewi boýunça biziň mümkinçiliklerimiz şulary öz içine alýar
• Deslapky tehnologik prosesleri gowulandyrmagy we integrasiýasyny.
• Taslamalaşdyrmagyň, satyn almalaryň we gurluşyk hem önümçilik işleriniň grafiklerini.
• Turba geçirijileriň we barlag-ölçeýji abzallaryň shemalaryny.
• Enjamlaryň ýöriteleşmesini.
• Desganyň we inžener torlarynyň daşky çäkleriniň planlaryny.
• Ýer parçasynyň deslapky planlaryny.
• Baha teklipleri we jemleýji maglumaty bermeklige ýüzlenmeleriň taýýarlanylmagyny.
• Düýpli çykdajylaryň çenligini.
• Baha bermegiň seljermesini we tehnologiýalaryň saýlawyny.
• Standartlary we ýöriteleşmeleri uýgunlaşdyrmagy.
• Konstruktiwligi.
• Energiýany sarp edilişini amatlaşdyrmagy.
• Tehnologik prosesleri ýönekeýleşdirmegi.
• Galyndylary ujypsyzlandyrmagy.
• Talap edilýän öndürijiligi hasaba alyp taslamalaşdyrmagy.
• Prosesleriň ygtybarlylygyny mödelirlemegi.
• Çaklanylýan hyzmaty edilmegi.