Ammardan üpjün etmek
Biz nebit-gaz, himiýa, energetika we gurluşyk pudaklary üçin önümleriň giň görnüşlerini teklip edýäris we zerur bolsa biziň işgärlerimiz siziň üçin peýdaly bolup biljek we saýlamaga kömek edip biljek mugt maslahatlary teklip edip bilerler.
1
Takelaž gurallary
Göteriji urganlary, demir dyrnaklary, troslary, zynjyrlary we bloklary, gaňyzrçaklary we beýleki köp zatlary – biz nebit-gaz, himiýa we gurluşyk pudaklary üçin hem ýerüsti, hem-de deňiz amallary üçin takelaž işleriniň ähli görnüşlerinde gerek bolan sertifikatlaşdyrylan önümleriň giň görnüşlerini hödürleýäris.
2
Kebşirleýiş we kesiş işleri üçin enjamlar we gurallar
Biz kebşirleýiş we kesiş işlerini geçirmek üçin daşary ýurtly öndürijilerden enjamlaryň, gurallaryň we aksessuarlaryň giň toplumyny kepillik we soňraky tehniki hyzmat etmek bilen berýäris. Şeýle hem biziň ygtyýarymyzda hem elektrik, hem-de awtonom dizel-generator desgalaryna jemleýji we ätiýaç şaýlary bar. Mundan başga, ABŞ we ÝB öndürilen plazma enjamlarynyň giň toplumyny, ähli sertifikatlary, şeýle hem sazlamak we kalibrlemek mümkinçilikleri bilen berýäris.
3
Ölçeg abzallary (gurallary), klapanlar we birleşdirijiler
Biz himiýa, nebit-gaz, energetika we gazyp çykaryş senagatynyň önümçilik prosesleriniň ähli görnüşleri üçin, şeýle hem senagat önümçilik kärhanalary üçin dünýäde barlag-ölçeýji abzallaryny öňde baryjy öndürijilerinden giň görnüşini berýäris. Şeýle hem biz sargytçynyň tabşyrygy boýunça özboluşly barlag-ölçeýji abzallaryny sargamak we öndürmek üçin hyzmatlary hödürleýäris.
Şeýle hem bizde öňde baryjy daşary ýurtly öndürijilerden dürli klapanlaryň, birleşdirijileriň we adapterleriň hem asyl nusgalarynyň, hem-de OEM wersiýalarynyň, önümçilikden aýrylan önümleriň kysymlary üçin, ýöne ulanylýan kärhanalarda gerek bolan giň görnüşleri bar. Biz klapanlaryň ähli kysymlary üçin ätiýaç şaýlaryny özbaşdak öndürip ýa-da öndürijilerden ýa-da awtorlaşdyrylan önümçilik sehlerinden getirip bileris.
4
Splawlaryň ähli görnüşleri üçin turbalar, flanesler we fittingler
Biz himiýa, nebit-gaz we energetika senagaty üçin erginleriň dürli görnüşlerinden turbalaryň, flanesleriň we birleşdirijileriň dürli ölçeginiň giň toplumyny teklip edýäris. Ähli önümleriň öndüriji zawodlardan zerur tehniki spesifikasiýasy we sertifikatlary, metallaryň häsiýetleriniň geçirilen mehaniki barlaglary bar.
5
Şlangalar we birleşmeler
Biz siziň enjamlaryňyz: nasoslar, kompressorlar, rezeruwarlar üçin gerek bolan şlangalaryň doly çyzgyjyny, fitingleri we aksessuarlary teklip edýäris. Ýokary basyşly howa şlangalary we nasoslar hem rezerwuarlar üçin, galyndylary ýa-da önümleri sorduryp geçirmek üçin şlangalar.
6
Boltlar, nurbatlar, şpilkalar we berkidijiler
Biz pudaklaryň ähli görnüşleri üçin dürli öndürijilerden dürli splawlardan ýasalan metallaryň, anker boltlarynyň, nurbatlaryň, gaýkalaryň, şpilkalaryň we berkidijileriň dürli görnüşlerini teklip edýäris. Şeýle hem biz kompozit materiallardan ýasalan ýa-da korroziýa durnukly bolan aramid ýa-da polimer materiallaryň esasynda ýörite gorag örtükli önümleri berip bilýäris.
7
Aragatlaklar we izolýasiýa
Biz aragatlaklary, izolýasiýany we dykyzlaýjylary ýasamak üçin material bilen sizi üpjün edip bilýäris, şeýle hem tebigy kauçukdan we sintetiki kauçukdan, gaýyşdan, kompozitli we polimer materiallardan ýasalan hem maýyşgak, hem-de gaty taýýar aragatlaklary, şeýle hem dürli ölçegdäki grafitden aragatlaklary berip bilýäris. Şeýle hem biz zerur bolsa biziň önümçilik sehimizde sertifikatlaşdyrylan materialdan sargydyňyz boýunça gerekli önümi döredip bileris.
8
Senagat gurallary, abraziwler we degişli zatlar
Biz siziň stasionar enjamlaryňyz we çaklaň guralyňyz üçin abraziw materiallardan ýokary hilli ýasalan degişli zatlary berýäris. Bizde materiallaryň ähli kysymlaryny bekermek üçin degişli zatlaryň ähli kysymlaryny gurnamak üçin dürli adapterleriň we oturtmalaryň köp görnüşleri bar.
9
Oda durumly we partlama howpsuz elektrik galkanlary we degişli zatlary
Biz özümiziň taslamalarymyzda elektrikleşdirme we iýmitlendirişi dolandyryş ulgamlary çygrynda oda durumly we partlama howpsuz tehnologiýalary diňe bir ulanman, eýsem senagat kärhanalary üçin dünýäniň elektrik enjamlaryny öňde baryjy öndürijileriniň önümleriniň köp görnüşlerini teklip edýäris. Biz hem siziň spesifikasiýaňyz boýunça talap edilýän, hem-de öndürijide aýratyn sargalyp ýasalan ýa-da öndürijiniň sertifikasiýasy bilen biziň önümçilik kuwwatlyklarymyzda siziň zerurlyklaryňyza laýyklykda ýasalan önümi teklip edip bilýäris.
10
Elektrik we pnewmatik gurallar
Häzirki zaman gurluşygy, önümçiligi we abatlaýyşy ýokary hilli we amatly guralsyz göz öňüne getirmek kyndyr. Biz elektrik we pnewmatik kysymly el gurallarynyň, şeýle hem olara degişli zatlaryň we ätiýaç şaýlarynyň giň toplumyny tekklip edýäris. Bizde drelleriň, ýylmaýjy maşynlaryň, kesmek üçin maşynlaryň, dezaktiwasiýa ulgamlary üçin wentilýatorlaryň we pnewmatik nasoslaryň webaşga-da köp zatlaryň giň toplumy bar. Biziň ähli gurallarymyz ýöriteleşdirilen öndürijilerden getirilýär we kepillik üpjünçiligi bar.
11
Gurluşyk gurşaw sekileri
Biz BS (British Standard) standartly gurluşyk gurşaw sekileriniň doly görnüşlerini hödürleýäris. Biz 2, 3, 4, 5, 6 m uzynlykdaky turbalar, 1,5-den 4 m çenli uzynlykdaky adaty we oda durumly agaçdan düşekler, goşa, öwrülýän, ýeke gatly we golly, sozulan hamytlar, tagtalar üçin berkitmeler, sinklenen direg plitalary we köptaraply domkratlar bilen üpjün edip bilýäris.
12
Hususy gorag serişdeleri
Eger işgärde hususy gorag serişdesi bolmasa, hiç bir önümçilik ýa-da gurluşyk howpsuz bolmaz. Bizde himiýa, nebit-gaz, energetika we gazyp çykaryş senagatyndaky we gurluşyk çygryndaky işleriň ähli görnüşleri üçin hususy gorag serişdeleriniň giň toplumy bar.
Biz şulary teklip edip bileris: ýokary hilli we sertifikatlaşdyrylan möwsümleýin we ýaz-güýz möwsümleýin kombinezonlary, gurluşyk işleri ýa-da himikatlar bilen işlemek üçin we iýiji gurşawda durnukly bolan gorag aýakgabyny, işleriň ähli görnüşleri üçin ellikleri, kaskalary, nauşnikleri we beruşalary, dürli görnüşli yşyklandyryşlar üçin gorag äýnegini, howany süzüş ulgamly respirator maskalaryny, kebşirleýiş işleri üçin we plazmaly hem gazly kesgiçler bilen işlemek üçin gorag maskalary, kebşirleýjiler üçin kombinezonlary we kebşirleýiş işleri üçin gorag polotnolary, himiki reagentler bilen işlemek üçin we dezaktiwasiýa işleri geçirilende kombinezonlar, üstler awtomatik serişdeler bilen abraziw işlenip geçilende kombinezonlar we hususy gorag serişdeleri, aralykdan howany bermek bilen gorag şlemlar we hususy kislorod ballonlary.
13
Ýagsyzlandyryjylar we ýaglaýjy materiallar (lubrikantorlar)
Islendik senagatyň önümçilik prosesinde önümçilik ulgamlaryny we toplaýjy apparatlary arassalamak üçin zerur bolan himikatsyz işlemek mümkin däldir. Mehanizmleriň hiç biri-de özüniň döredilen döwründen bäri, sürtülmäni aýyrýan, güýjenmäni peseldýän we mehanizmleriň çalt könelmeginiň öňüni alýan ýaglaýjy serişdesiz oňup bilmeýär. Biziň kompaniýamyz milli we daşary ýurt öndürijileriniň öndüren iň gowy ýeňil we agyr eredijileriniň suwuk görnüşlerini, şonuň ýaly-da senagatda, nebit-gaz, himiýa we energetika pudaklarynda enjamlara, turbageçirijilere, toplaýjy rezerwuarlara hyzmat etmek üçin zerur bolan düzümi dürli himiki reagentli we ekologiki taýdan howpsuz eredijileriň giň görnüşini hödürleýär.
Şu günki-gün döwrebap nebit-himiýa pudagynyň ýaglaýjy önümleriniň giň görnüşi, häzirki zaman senagatyň mehaniki enjamlarynyň ähli zerurlyklaryny durnukly kanagatlandyrmaklyga mümkinçilik berýär. Zerur bolan ýagdaýynda biziň termal ammarlarymyz, siz üçin zerur bolan önümleriň hemmesini uzak möhletleýin saklamak mümkinçiligine eýedir.